Олар бири-бирлерине: «Гелиң, керпич ясап, оны говы биширелиң» дийишдилер. Олар гурлушык үчин дашың ерине керпич, палчыгың ерине болса шепбик уландылар.
Соңра олар: «Ер йүзүне дагаман, өзүмизден бир ат галдырарымыз ялы гелиң, бир гала ве депеси гөге етип дуран минара гуралың» дийишдилер.
Tutuş ýer ýüzünde bir dil, birmeňzeş
sözler bardy.
Adamlar gündogardan göçüp barýarkalar, Şinar
ýurdunda bir düzlügiň üstünden gelip, şol
ýerde mesgen tutdular.
Olar biri-birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, ony gowy
bişireliň» diýişdiler. Olar gurluşyk üçin
daşyň ýerine kerpiç, palçygyň ýerine bolsa
şepbik ulandylar.
Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden
bir at galdyrarymyz ýaly geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran
minara guralyň» diýişdiler.
Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de minarasyny görmek üçin
aşak indi.
Reb: «Görsene, olar bir halk, olaryň dilleri-de bir. Bu olaryň
niýetiniň başlangyjydyr; olar indi öz göwünlerine
gelen zatlaryny etmekden saklanmazlar.
Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez
ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi.
Şeýdip, Reb ynsanlary bütin ýer ýüzüne
dargatdy; olar gala gurmalaryny bes etdiler.
Şoňa görä-de şol gala Babyl diýip at dakyldy,
çünki Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyryp,
olary bütin ýer ýüzüne dargadypdy.
If you like this site and find it useful, you can support it by making a donation via PayPal or Patreon, or by contributing in other ways. Omniglot is how I make my living.
Note: all links on this site to Amazon.com, Amazon.co.uk and Amazon.fr are affiliate links. This means I earn a commission if you click on any of them and buy something. So by clicking on these links you can help to support this site.